TK/Prabhupada 1057 - Bhagawad-gita ähli Weda biliminiň özeni bolup, Gitopanişad hökmünde meşhurdyr



660219-20 - Lecture BG Introduction - New York

Prabhupāda:

oṁ ajñāna-timirāndhasya
jñānāñjana-śalākayā
cakṣur unmīlitaṁ yena
tasmai śrī-gurave namaḥ

(Men nadanlygyň tümlüginde dogulypdym, emma meniň ruhy halypam bilim çyragy bilen tümlügi ýagtyldyp, meniň gözlerimi açdy. Men onuň öňünde çuňňur hormat bilen baş egýärin.)

śrī-caitanya-mano-'bhīṣṭaṁ
sthāpitaṁ yena bhū-tale
svayaṁ rūpaḥ kadā mahyaṁ
dadāti sva-padāntikam

(Taňry Çaýtanýanyň erk-islegini berjaý etmek üçin, Onuň missiýasyny maddy dünýä ornaşdyran Şrila Rupa Goswami Prabhupada haçan öz lotos dabanlaryndan maňa pena bererkä?)

vande 'haṁ śrī-guroḥ śrī-yuta-pada-kamalaṁ śrī-gurūn vaiṣṇavāṁś ca
śrī-rūpaṁ sāgrajātaṁ saha-gaṇa-raghunāthānvitaṁ taṁ sa-jīvam
sādvaitaṁ sāvadhūtaṁ parijana-sahitaṁ kṛṣṇa-caitanya-devaṁ
śrī-rādhā-kṛṣṇa-pādān saha-gaṇa-lalitā-śrī-viśākhānvitāṁś ca

(Men öz ruhy halypamyň we ähli waýşnawlaryň lotos dabanlaryna çuňňur hormat bilen sežde edýärin. Men çuňňur hormat bilen Şrila Rupa Goswaminiň we onuň agasy Sanatana Goswaminiň, şeýle hem Raghunatha Das we Raghunatha Bhatta, Gopala Bhatta we Şrila Jiwa Goswamileriň dabanlaryna baş goýýaryn. Men çuňňur hormat bilen Taňry Krişna Çaýtanýanyň we Taňry Nitýanandanyň, şeýle hem Adwaýta Açarýanyň, Gadadharanyň, Şriwasanyň we Taňry Çaýtanýanyň beýleki hemralarynyň öňünde baş egýärin. Men çuňňur hormat bilen Şrimati Radharaniniň, Şri Krişnanyň, şeýle hem olaryň hemralary bolan Şri Lalitanyň we Wişakhanyň öňünde baş egýärin.)

he kṛṣṇa karuṇā-sindho
dīna-bandho jagat-pate
gopeśa gopikā-kānta
rādhā-kānta namo 'stu te

(Meniň gadyrdan Krişnam, Sen ähli ejir çekýänleriň dosty we ähli barlygyň gözbaşysyň. Sen gopileriň häkimi we Radharaniniň söýgüsiniň seresi. Men çuňňur hormat bilen Seniň lotos dabanlaryňa baş egýärin.)

tapta-kāñcana-gaurāṅgi
rādhe vṛndāvaneśvari
vṛṣabhānu-sute devi
praṇamāmi hari-priye

(Men, teni göýä erän altyn kimin şöhle saçýan Radharaniniň öňünde çuňňur hormat bilen baş egýärin. Sen Wrindawanyň täjisiň, patyşa Wrişabhanunyň gyzy bolan Sen Taňry Krişna üçin örän ezizsiň.)

vāñchā-kalpatarubhyaś ca
kṛpā-sindhubhya eva ca
patitānāṁ pāvanebhyo
vaiṣṇavebhyo namo namaḥ

(Men çuňňur hormat bilen ähli waýşnawlaryň, Hudaýyň wepadarlarynyň öňünde baş egýärin. Olar göýä arzuw-isleg agajy kimin, her bir janly şahsyýetiň isleglerini berjaý edip bilýärler we pese gaçan janlara haýpygelijilikden doludyrlar.)

śrī-kṛṣṇa-caitanya
prabhu-nityānanda
śrī-advaita gadādhara
śrīvāsādi-gaura-bhakta-vṛnda

(Men çuňňur hormat bilen Şri Krişna Çaýtanýanyň, Prabhu Nitýanandanyň, Şri Adwaýtanyň, Gadadharanyň, Şriwasanyň we Taňrynyň ähli beýleki wepadarlarynyň öňünde baş egýärin.)

hare kṛṣṇa hare kṛṣṇa kṛṣṇa kṛṣṇa hare hare
hare rāma hare rāma rāma rāma hare hare

Meniñ gadyrdan Tañrym we Tañrynyñ ruhy energiÿasy.Maña rehim edip öziñize bolan gulluk bilen meśgullandyryñ.Men bu matriÿa gulluk edip betbagt boldum.Haÿyš edÿärin, öziñize bolan gulluk bilen meśgullandyryñ.

Gitopanišada Giriš, Tanrı Merhameti A.Ç.Bhaktiwedanta Swami,Šrimat-Bhagawatamyñ awtory,"Beÿleki Planetalara ÿeñil syÿahat,"Hudaÿyñ ÿanyna dolanmak" we beÿlekileriñ redaktory.

Bhagawad-gitany başgaça Gitopanişad diýip hem atlandyrýarlar. Ol weda biliminiň özenidir, ýagny ol mukaddes Weda edebiýatynyň hataryna girýän Upanişadlaryň içinde iň möhümlerinden biri bolup durýar. Elbetde, iňlis dilinde «Bhagawad-gitanyň» köpsanly düşündirişleri bar, şoňa görä ýene-de bir şolar ýaly düşündirişiň bolmagynyň näderejede maksadalaýykdygy hakynda sorag ýüze çykybam biler. Häzirki neşiri taýýarlamaga bolan synanyşyk şu aşakdaky sebäpler boýunça ýüze çykypdy. Öňräk Amerikada bir aýal maşgala özüne Bhagawad-gitanyň iňlisçe terjimelerinden haýsyny okamagy maslahat berýändigimi sorady. Hakykatdanam, Amerikada Bhagawad-gitanyň köp iňlisçe terjimelerine duş gelmek bolýar. Emma meniň diňe bir Amerikada däl, eýsem Hindistanyň özünde gören terjimelerimiňem hiç birini abraýly terjime diýip atlandyrmak mümkin däldi. Çünki olaryň her birinde diýen ýaly düşündiriş beriji awtor Bhagawad-gitanyň hakyky ruhuny bermän, eýsem öz şahsy garaýyşlaryny beýan edýärdi.

Bhagawad-gitanyň ruhy hakynda Bhagawad-gitanyň özi gürrüň berýär. Muny şeýle bir mysal bilen düşündirmek mümkin. Eger biz nähilidir bir derman içmekçi bolsak, onda onuň gabyndaky görkezmä eýermelidiris. Biz dermany öz islegimizden ugur alyp ýa-da haýsydyr bir dost-ýarlarymyzyň görkezmesi boýunça däl-de, eýsem onuň gabyndaky görkezmesine laýyklykda ýa-da wraçyň bellemegi boýunça içmelidiris. Şuňa meňzeşlikde, Bhagawad-gita hem biz gürrüň berijiniň öz görkezmesine laýyklykda çemeleşmelidiris we ony şoňa laýyklykda-da kabul etmelidiris.